03.07.2025
16.07.2025

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üstüni ýapmak üçin örtükleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki talaplara laýyklykda ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we plastmassa gaplaryň üstüni ýapmak üçin örtükleri satyn almak boýunça Türkmen manadynda №2025/21 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:

[email protected]

Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin Maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň inženeri +993-61-49-57-47 telefon belgisi arkaly, tehniki meseleler boýunça bolsa, baş mehanik bilen +993 62-74-18-80 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022
OSZAR »