Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.
Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, bu taslama logistikada we Ýewraziýa yklymynyň ulag baglanyşygynda sebitiň ornuny has-da güýçlendirjek uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
“Russiýa we Türkmenistan bu hakykatdan hem geljegi uly başlangyjy durmuşa geçirmegiň ugrunda möhüm orny eýeleýärler. Bu taslama Demirgazyk bilen Günortanyň deňizlerini baglanyşdyrmak bilen, tutuş sebitiň logistikasy we Ýewraziýa yklymynyň ösüşi taýdan möhüm ähmiýete eýe bolar” diýip, ministr belledi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşykda hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Taraplar bu duşuşygyň wagtyny gysga wagtda ylalaşmaga gyzyklanma bildirdiler.